- yranmak
- işlik1) Eýläk-beýläk çaýkanmak, öňe-yza hereket etmek, ýaýkanmak.∙ Onuň oturyşy oňaýly ýaly bolýa-da, näme üçindir, biraz yranýardy. («Sowet Edebiýaty» žurnaly)∙ Biri-biriniň içinden geçen gurply şahalardan asylan agyr gozalar öz sallamyna duýlar-duýulmaz yranýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)2) Göçme manyda Öz berkligini, durnuklylygyny ýitirip, gowşap ugramak.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.